BMG Eýranyň roketa synagyna reaksiýa bildirdi

BMG-niň Howpsyzlyk geňeşi Eýranyň 10-njy oktýabrda geçiren ballistiki roketa synagyna çäre görülmegini isledi

396086
BMG Eýranyň roketa synagyna reaksiýa bildirdi

Sanksiýalara gözegçilik edýän toparyň garamagyna habarnama hödürlän ABŞ-nyň, Fransiýanyň, Britaniýanyň we Germaniýanyň wekilleri Howpsyzlyk Geňeşiniň Eýrana ballistiki roketa synagy sebäpli “degişli çäräniň” görülmegini islediler.
Toparyň maslahatynda çykyş eden wekiller resmi Tähranyň şol hereketi bilen BMG-niň sanksiýalaryna garşy durandygyny we aç-açan äsgermezçilik edendigini aýtdy.
Roketa synagynyň meçew beriji wakadygyny nygtan ABŞ-nyň hemişelik wekili, resmi Waşingtonyň şol synag bilen ýadry maksatnamasy barada ylalaşygy dolulygyna aýry seljerýändigini nygtady.
Görüljek çäräniň tehniki meseledigini nygtan hemişelik wekiller, ýadro ylalaşygyny ähli taraplaryň gyşarnyksyz berjaý etmeginiň möhümdigini beýan etdiler.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar