Oppozisionerlerden Asada agyr zarba

35 esger öldürildi, 5-si taňk 8 zynjyrly ulag ýok edildi

393735
Oppozisionerlerden Asada agyr zarba

Siriýada Russiýanyň uçarlarynyň howadan goldaw bermegi bilen Halapyň günortasyna hüjüm guran Asada tabynlykdaky güýçler oppozisionerler tarapyndan yzyna serpikdirildi, 35 esger öldürildi, 5-si taňk 8 zynjyrly ulag ýok edildi.

Oppozisionerler şeýle hem şäheriň günortasyndaky Abataýn obasynyň golaýynda Asada bagly güýçlere degişli zynjyrly ulagy ele saldy.

Beýleki tarapdan bolsa uçarmansyz howa ulagy front liniýasynda gözegçilik işlerini ýerine ýetirdi.

Halapyň günortasyndaky Al-Hadyr we Al-Aýs etrapçasyndaky çaknyşyklar we rus uçarlarynyň ýaşaýyş ýerlerine hüjüm guramagy sebäpli köp sanda adam başga ýerlere göçdi.

Russiýanyň uçarlarynyň şaheriň günortasyndaky Merj we Zerbe etraplaryna asuda ilatyň ýaşaýan ýerlerine guran hüjüminde bolsa asuda ilatdan käbir adamlar ýaralandy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar