Kerri: "Siriýa meselesi bilen baglanşykly gepleşikler geçireris"

ABŞ-nyň Daşary işler ministri Jon Kerri arasynda Türkiýäni hem bolan käbir ýurtlar bilen Siriýa meselesini ara alyp maslahatlaşmak üçin gepleşikler geçirjekdigini mälim etdi

355995
Kerri: "Siriýa meselesi bilen baglanşykly gepleşikler geçireris"

Resmi sapar bilen Ispaniýa baran Kerri Amerikanyň hökümetiniň Siriýanyň dolulygyna çökmeginiň öňüni almaga synanyşýandygyny belledi.

Jon Kerri: “Siriýa krizisiniň sebitdäki ähli ýurtlara öz tasirini ýetirmänkä öňüni almak üçin birnäçe günüň dowamynda türk, rus, saud we iordan liderleri bilen duşuşyk geçireris” diýdi.

Amerikaly ministriň beýanatyna bolsa resmi Moskwadan jogap geldi.

Russiýanyň Interfaks habarlar gullugyna beýanat beren ýolbaşçylaryň biri: "ABŞ-nyň tekilibinden habarly. Üstünde işleýäris" diýdi.

Russiýa ABŞ-ny Siriýa meselesini babatynda gepleşikler geçirmekden ýüz öwürmek bilen aýyplapdy.

Russiýanyň döwlet ýolbaşçysy Wladimir Putin ABŞ-nyň resmilerini Moskwa çagyrandyklaryny emma oňaýsyz jogap alandyklaryny belläpdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar