BMG Ysraýyl-Palestina dartgynlygy üçin jemlenişdi

Maslahatda dartgynlykda ýogalanlaryň sany hakynda maglumat berildi

355205
BMG Ysraýyl-Palestina dartgynlygy üçin jemlenişdi

BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşi Ysraýyl-Palestina dartgynlygyny ara alyp maslahatlaşmak üçin jemlenişdi.
Maslahatda dartgynlykda ýogalanlaryň sany hakynda maglumat berildi.
Oktýabr aýynyň başynda bäri ýaňandandan dartgynlaşan wakalarda 39 palestinaly bilen 7 ysraýylly ýogaldy.
1118 palestinaly bilen 124 ysraýylly ýaralandy.
Maslahata gatnaşan ysraýyllyň wekili Ysraýyllyň raýatlaryny goramak üçin hüjüm gurandygyny aýtdy.
Palestinanyň wekili Riýad Mansur bolsa Howpsyzlyk geňeşinde Gündogar Iýesusalymyň başda durmagynda basyp alyşlyk astyndaky Palestinanyň halkara güýçler tarapyndan howpsyzlygynyň üpjün edilmegini isledi.
BMG-nyň Adam hukuklary boýunça ýörite habarnamaçysy Makarim Wibisono bolsa Ysraýyly basyp alan ýerinde Palestinada adam hukuklarynyň basgylanmagyna sebäp bolýan dartgynlygy görmäge çagyrdy.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar