Putin "Türkiýe esasy hyzmatdaşlarymyzdan biri"

Putin maýa goýum maslahatynda çykyş etdi

391977
Putin "Türkiýe esasy hyzmatdaşlarymyzdan biri"

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Türkiýäniň ýurdunyň esasy hyzmatdaşlaryndan biridigini aýtdy.
Putin paýtagt Moskwada işewür adamlarynyň gatnaşmagynda geçirlen maýa goýum maslahatynda çykyş etdi.
Terrorçylyga garşy Türkiýe bilen hyzmatdaşlyk edilmegi üçin şert döredilmelidigini aýdan rus lideri; “Ankara bilen nähili gatnaşyk etjekdigimizi ara alyp maslahatlaşmalydyrys. Häzir Türkiýe bilen Goranmak ministrlikleri derejesinde gatnaşyk edýäris we bu aragatnaşyk utgaşykly bolar” diýdi.
Türkiýe bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň uzak ýyllardan bäri durnukly ösýändigini nygtan Putin; “Türkiýe, Russiýanyň esasy hyzmatdaşlaryndan we iň ýakyn dostlaryndan biridir. Gatnaşyklarymyz birnäçe ýyldan bäri ösýär. Türk firmalary Russiýada 12 milliard rublelik maýa goýdy. Türkiýeden eksport edilýän oba hojalyk önümleriniň mukdary ýokarlady”diýip belledi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar