Merkeliň Türkiýe baradaky beýanaty

Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel Ýewropanyň we Türkiýäniň iki taraply häsaýetde biri-birine gerekdigini aýtdy

351729
Merkeliň Türkiýe baradaky beýanaty

Türkiýäniň iki milliondan gowrak siriýaly bosguny kabul edendigini ýatladan Merkel, Ýewropanyň bu meselede resmi Ankara bilen aragatnaşykda bolmalydygyny nygtady.
Angela Merkel nemes teleýaýlymlarynda gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýanat berdi.
Federal Kansler Türkiýede ýaşaýan bosgunlaryň şertleriniň diýseň gowudygyny, has-da gowulandyrylmagy üçin türk ýolbaşçylary bilen duşuşyklaryň dowam edýändigini aýtdy.
Merkel Türkiýäniň ÝB-ne agzalyk etaby barasynda bolsa dowam edýän gepleşikleriň Kopengagen kadalaryna laýyklykda alynyp barylýandygyny nygtady.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar