Russiýanyň Siriýadaky howa hüjümleri dowam edýär

Howa hüjümleriniň çäginde ilkinji gezek paýtagt Damask nyşana alyndy

350482
Russiýanyň Siriýadaky howa hüjümleri dowam edýär

Russiýanyň Goranmak ministrligi Siriýada DAEŞ-e degişli nyşanalara ýene-de 10 howa hüjüminiň guralandygyny habar berdi.
Çarşamba güni başlan rus howa hüjümleriniň çäginde ilkinji gezek paýtagt Damask nyşana alyndy.
Howa hüjümlerinde Halap, Homs we Idlib şäherleri bilen birlikde Damaskyň golaýyndaky daglyk meýdan nyşana alyndy.
Goranmak ministrligi hüjümlerde terror guramasy DAEŞ-iň serkerdelik merkezleri bilen logistiki merkezlere zarba urlandygyny habar berdi.
Beýleki tarapdan Siriýanyň Prezidenti Başar Asad Russiýanyň asuda ilaty we sowatly oppozisionerleri nyşana almagy sebäpli ünsi çeken operasiýalary barada beýanat berdi.
Eýranyň telewideniýesine beýanat beren Asad, Russiýanyň Siriýadaky terrorçylyga garşy göreşi netijeli bolman halatynda sebitiň uly betbagtçylyga sezewar boljakdygyny öňe sürdi.

 

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar