Russiýa Siriýadaky howa hüjümlerini dowam etdirýär

Saud Arabystany rus howa hüjümlerine garşylyk görkezdi

385934
Russiýa Siriýadaky howa hüjümlerini dowam etdirýär

Rus harby uçarlary Siriýadaky howa hüjümlerini dowam etdirýär.
İordan habar gullugy Al Bawaba rus harby uçarlarynyň Siriýadaky Al Şughour şäherçesinde Al Kaida tabynlykdaky Nusra frontuna degişli nyşanalary bombalandygyny habar berdi.
Liwan bolsa Fetih goşunynyň karargähine 30-a golaý bombanyň atylandygyny we howa hüjüminiň guramanyň agzalaryny nyşana alynandygyny öňe sürdi.
Saud Arabystany hem rus howa hüjümlerine garşylyk görkezdi.
Saud Arabystanynyň Daşary işler ministri Adil A Jübeýr Russiýanyň howa hüjümleriniň DAEŞ-e garşy goldaw bermek üçin däl eýsem Asada goldaw bermek maksady bilen guralýandygyny aýtdy.
Russiýa düýn hem Homus şäherine howa hüjümini gurady.



Etiketkalar:

Degişli Habarlar