Siriýada Fetih goşuny Harbel depesini basyp aldy

Siriýada oppozisioner Fetih goşuny strategiki taýdan wajyp ýer bolan Harbel depesini ele geçirdi

390923
Siriýada Fetih goşuny Harbel depesini basyp aldy

Fetih goşuny Idlibiň demirgazyk-gündogarynda ýerleşýän Asada tabynlykdaky güýçleriň gözegçiligi astynda bolan Fua obasynyň golaýyndaky Harbel depesini basyp aldy.
Strategiki taýdan wajyp ýerleriň biri bolan Harbel depesini basyp almak üçin bolan çaknyşykda aralarynda Hizbullah toparyna bagly agzalar hem bolan 50 adam öldürildi.
Oppozisioner toparlar eýýäm birnäçe gün bäri Fua we Kafra obalaryndaky hüjümlerini artdyrdy. Harbel depesinde köp sanda taňklar we harby ulaglar ýok edildi.
Beýleki tarapdan Asada tabynlykdaky güýçler bilen oppozisioner toparlar Liwanyň serhediniň golaýynda ýerleşýän Zabadani obasy bilen Idlib welaýatyndaky Fua we Kefra obalarynda hüjümler wagtlaýyn bes edildi.
Ady agzalan ýerlerde 12-nji awgustda hem taraplar ot açmagy bes etmek barada ylalaşypdy, ylalaşyk 3 gün dowam etdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar