Putin we Berluskoni Krymda duşuşdy

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin we Italiýanyň ozalky Premýer ministri Siliwio Berluskoni Krymda ýörite duşuşyk geçirdiler

386354
Putin we Berluskoni Krymda duşuşdy

Putin we Berluskoni 19 asyrdaky Krym söweşinde ýogalan Sardinýa patyşalygynyň esgerleri üçin oturdylan ýadygärlik heýkelinde duşuşdylar.

Iki lideriň duşuşykda näme barada durup geçendigi hakynda maglumat berilmedi.

Putin we Berluskoni ozal hem ençeme gezek Russiýada we Italiýada duşuşyk geçirdiler.

Liderler soňky gezek iýun aýynda Russiýanyň Altaý sebitinde özara duşuşyk geçiripdiler.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar