"Ýene-de müňlerçe bosguny kabul ederis"

Kameron ýene-de müňlerçe siriýalynyň ýurduna kabul ediljekdigini aýtdy

374580
"Ýene-de müňlerçe bosguny kabul ederis"

Britaniýanyň Premýer ministri Dewid Kameron Ýewropadaky bosgun krizisi barada beýanat berdi we ýene-de müňlerçe siriýalynyň ýurduna kabul ediljekdigini aýtdy.
Kameron Portugaliýanyň paýtagty Lissabona kärdeşi Pedro Passos Koelho bilen duşuşdy.
Duşuşykdan soň iki kärdeş metbugata beýanat berdi.
Ynsanlaryň dürli ýurtlardan, dürli şertlerde Ýewropa gelendiklerini aýdan Kameron “Gelenleriň esasy böleginiň ýurtlaryndaky söweşden gaçan siriýalylardygyny bilýäris. Ýurtlarynda iki duşmanlary bar biri Asad, beýlekisi DAEŞ”diýdi.
5 müňe golaý siriýalyny kabul edendiklerini aýdan Kameron “Ýurda alynjak adamlaryň sany meselesini jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we egindeşlerim bilen ara alyp maslahatlaşarys we geljek hepde anyk karary kabul ederis” diýdi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar