Koreýa ýarymadasynda taraplar ylalaşdy

Demirgazyk Koreýanyň we Günorta Koreýanyň arasynda dartgynlykda ylalaşyk baglaşyldy

368982
Koreýa ýarymadasynda taraplar ylalaşdy

Taraplar aralaryndaky dartgynlygy çözmek üçin serhetdäki Panmunjon obasynda görüşdiler.
Baglaşylan ylalaşyga görä Demirgazyk Koreýa söweşjeň ýagdaýy aýrar, Günorta Koreýa bolsa serhetdäki propogandirleme ýaýlymlaryny bes eder.
Demirgazyk Koreýa awgust aýynyň başynda serhetde minanyň partlamagy netijesinde günorta koreýaly 2 esgeriň ýaralanmagy sebäpli gynanç bildirer.
Taraplaryň arasyndaky gepleşikler Demirgazyk Koreýanyň serhet toparlarynyň ählisiniň ýaraglandyrylmagy we beren ultimatumynyň wagtynyň tamamlanmagy bilen başlapdy.
Demirgazyk Koreýa Günorta Koreýanyň serhetdäki propogandalaryny 48 sagadyň dowamynda bes etmedik halatynda hüjüme başlajak diýip hemle atypdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar