Owgansytanda NATO-nyň ulag kerwenine hüjüm guraldy

Hüjümde 12 adam ýogaldy

338981
Owgansytanda NATO-nyň ulag kerwenine hüjüm guraldy

Owganystanyň paýtagty Kabulda NATO-nyň ulag kerwenine bomba ýüklenen ulag bilen hüjüm guraldy. Hüjümde 12 adam ýogaldy, onlarça adam ýaralandy.

Ýogalan adamlaryň 3-si NATO bilen ylalaşyk baglaşan kärhanalarda işländigi, ýaralananlaryň arasynda bolsa zenanlaryň we çagalaryň bardygy mälim edildi.

Hüjümiň jogapkärçiligini entek öz üstüne alan bolmasada, Talibanyň ýurtda soňky günlerde terrorçylykly hüjümlerini artdyrdy.

Geçen aý Talibanyň lideri Molla Ömeriň ölendigi barada beýan edileninden soň, gurama bilen Owganystanyň hökümetiniň arasyndaky parahatçylyk gepleşikleri yza süýşürilipdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar