Gresiýada ýylyň ikinji möhletinden irki saýlawy göründi…

Bu netijesi Çiprasyň wezipeden çekilmeginden soň ýüze çykdy

337068
Gresiýada ýylyň ikinji möhletinden irki saýlawy göründi…

Premýer ministr Çiprasyň wezipeden çekilmek baradaky arzasyny kabul eden Prezident Porokopis Pawlopulos täze hökümeti gurmakly jogapkärçiligini oppozisiýadaky Täze demokratiýa partiýasynyň başlyğy Wangelis Meirmakise berdi.
Meirmaikisiň hökümeti gurmaklyk üçin üç güni bar.
Emma grek metbugatynyň ýazmagyna görä Täze Ddmokratiýa partiýasy gerek bolan ses sanyny alyp bilmez we möhletinden irki saýlawlar yglan ediler. Ä
Şeýlelikde ýanwar aýyndan soň geljek aýyn dowamynda bir ýylda ikinji gezek möhletinden irki saýlawlaryň geçirilme ähtimallygy ýüze çykar.
Aleksis Çiprasyň wezipeden çekilmeginden soň partiýasy Siriza bölündi.
Partiýanyň 25 oppozision halk deputaty Siriýazanyň hataryndan çykýandyklaryny beýan etdi.
Halk deputatlary täze guruljak Halk bileleşigi atly partiýa geçjekdiklerini yglan etdiler.
Partiýanyň başlyklygyna partiýanyň düzümindäki oppozision Çepçi platformanyň ýolbaşçysy Panatotis Lafazanisiň saýlanmagyna garaşylýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar