Siriýa dartgynly bolmagynda galýar

Siriýanyň hökümetiniň Duma we Gündogar Guta etraplaryna guran bombaly hüjüminde 100-den gowrak adam ýogaldy

331237
Siriýa dartgynly bolmagynda galýar

Hökümete degişli harby uçarlar Damaskyň golaýyndaky Duma we Gündogar Guta etraplaryna günüň dowamynda 10 gezek bombalady.
Bombaly hüjümde esasy bölegi aýallardan we çagalardan ybarat 100-den gowrak adam ýogaldy.
Hüjümde 500-den gowrak adam ýaralandy. Ýaralananlaryň esasy böleginiň ýagdaýynyň agyrdygy, ýogalanlaryň sanynyň artyp biljekdigi habar berilýär.
Merkezi Britaniýada ýerleşýän Siriýanyň Adam hukuklary merkezi Dumadaky ilkinji hüjümde ýogalan garyndaşlaryny almak üçin gelenlere hüjüm guralandygyny mälim etdi.
Bombaly hüjümler BMG-nyň Adam hukuklary boýunça ýokary derejeli ýolbaşçysy Stefin Obraýnyň Damaskda siriýaly ýolbaşçylary bilen duşuşyklarynyň dowamynda guraldy.
Hökümete degişli güýçler 2,5 ýyldan bäri Gündogar Gutany gabaw astynda saklaýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar