Russiýada dik uçar gidrouçar bilen çakyşdy

Heläkçilikde 1 adam ýogaldy

319305
Russiýada dik uçar gidrouçar bilen çakyşdy

Düýn agşam Russiýanyň paýtgaty Moskwa şäheriniň golaýynda dik uçar bilen gidrouçaryň çakyşmagy netijesinde 1 adam ýogaldy, 5 adam bolsa ýaralandy.

Russiýanyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrligi 40 adamdan ybarat bolan halas ediji topary wakanyň bolan ýerine ugrdandygyny mälim etdi.

Russiýanyň habarlar gullugy içinde 4 adam bolan dik uçar bilen 2 adam bolan gidrouçaryň çakyşmagy netijesinde 10 ýaşly gyzyň ýogalandygyny, 5 adamyň ýaralanandygyny habar berdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar