Malide myhmanhana hüjüm guraldy

Wakada 4 adam ýogaldy

318172
Malide myhmanhana hüjüm guraldy

Maliniň Seware obasynda muhmanhanalaryň birine ýaragly toparlar tarapyndan hüjüm guraldy.

Wakada 2-si esger 4 adam ýogaldy.

Resmiler daşary ýurtly adamlaryň galýan myhmanhananyň häzirki wagtda gabalandygyny mälim etdiler.

Myhmanhanada Günorta Afrikanyň 3, Fransiýanyň 1 we Ukrainanyň 1 raýatynyň galýandygyny habar beren resmiler hüjümçileriň Günbatar ýurtlardan gelen myhmanlary zamun almak isläp hüjüm gurandyr diýip çak edýändiklerini belleýärler.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar