Eýran Siriýa söweşiji ugradýar

Eýran Siriýa Owganystanyň uçarlary bilen söweşiji toparlary ugradýar

317807
Eýran Siriýa söweşiji ugradýar

Eýranyň Siriýa we Yraga söweşiji ugratmak üçin Owganytsandan ýolagçy uçar kireýine tutandygy äşgär boldy.
Owganystanyň hökümedi kireýine alynan ýolagçy uçarlaryň maskaly we ýaragly adamlary daşaýandygyny mälim etdi.
Al-Arabiýa telewideniýesi tarapyndan berilen habara görä Owganystanyň Mejlisiniň Ulag we aragatnaşyk komitetiniň başlygy Kaýs Hasan Eýranyň hökümeti bilen gol çekişilen ýolagçy daşamak baradaky ylalaşygy bozdy.
Hasan kireýine berilen owgan uçarlarynyň takmynan 1 aý bäri Eýrandan Siriýa we Yraga maskaly we ýaragly adamlary daşaýandygyny habar berdi.
Söweşijileri daşaýan uçarlar Kabuldan Eýranyň Maşat şäherine, ol ýerden hem Bgdat we Nejef şäherlerine uçýandygy nygtaldy.
Siriýada Asada tabynlykdaky güýçlere garşy göreşýän oppozisioner toparlar hem ençeme wagt bäri Eýrandan esger we söweşiji gelýändigini aýdýardylar.
Eýranyň hökümedi bolsa mesele bilen baglanşykly entek beýanat bermedi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar