Owganystanda bombaly hüjüm guraldy

Hüjümde 6 adam ýogaldy

317004
Owganystanda bombaly hüjüm guraldy

Owganystanyň Lowgar welaýatynyň Pul-i Alem şäherinde bomba ýüklenen ulagyň partlamagy netijesinde 3-si esger 6 adam ýogaldy.

Köp sanda adamyň ýaralanmagyna sebäp bolan hüjümiň jogapkärçiligini Taliban öz üstüne aldy.

Ýolbaşçylar hüjümiň guramanyň lideri Mola Ömeriň geçen hepde öleninden soň guralan ilkinji uly hüjümdigini bellediler.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar