Russiýa DAEŞ-e garşy hyzmatdaşlyk çagyryşyny berdi

Kreml gurama garşy Yrak bilen Siriýanyň arasynda ýakyndan hyzmatdaşlyk edilmegine goldaw berýär

314712
Russiýa DAEŞ-e garşy hyzmatdaşlyk çagyryşyny berdi

Russiýa terror guramasy DAEŞ-e garşy halkara jemgyýetçiligine hyzmatdaşlyk çagyryşyny berdi.
Kremliň metbugat geňeşçisi Dimitri Peskow metbugata beren beýanatynda terror guramasy DAEŞ-iň Siriýada we Yrakda gün saýyn güýçlenýändigini belledi we gurama garşy göreş üçin halkara jemgyýetçiligine hyzmatdaşlyk çagyryşyny berdi.
Beýleki tarapdan ABŞ-nyň ýolbaşçylyk etmeginde döredilen Günbatar hyzmatdaşlygynyň DAEŞ-e garşy göreşde oňyn netije alyp bilmändigi barada pikir edýän Kreml, gurama garşy Yrak bilen Siriýanyň arasynda ýakyndan hyzmatdaşlyk edilmegine goldaw berýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar