BMG-sy Owganystan barada hasabat berdi

BMG-syOwganystanda Talibanlylara garşy göreşde 2015-nji ýylyň ilkinji 6 aýynda asuda ilatdan 4 müň 921 adamyň ýogalandygyny habar berdi

316682
BMG-sy Owganystan barada hasabat berdi

2015-nji ýylda dereksiz ýiten adamlaryň sany BMG-nyň ýurtda dereksiz ýiten adamlar barada hasabat ýöretmäge başlan 2009-njy ýyldan bäri iň ganly ýyl bolan 2014-nji ýyldaky ýiten adamlaryň sanyndan hem köpdügi mälim edildi.
Hasabatda 2015-nji ilkinji 6 aýynda 2014-nji ýylyň ilkinji 6 aýyna garanyňda ýogalan zenanlaryň sany 23 göterim, ýogalan çagalaryň sany 13 göterim, asuda ilatyň jemi ýogalanlaryň sany bolsa 1 göterim artandygy aýdylýar.
Ýogalan adamlaryň 70 göteriminiň ölümini Talibanlylar öz üstüne alandygy nygtalýan hasabatda, Owganystanyň howapsyzlyk güýçleriniň hem asuda ilaty nyşana alandygy bellenýär.
Talibanlylar bilen Owganystanyň hökümetiniň geçen hepde geçirilmegi meýilleşdirilen Parahatçylyk gepleşikleri guramanyň lideri Molla Ömeriň ölmegi bilen yza süýşürilipdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar