Kerri hyzmatdaşlarynyň aladalaryny ortadan aýyrmagy başardy

Kerri ylalaşygyň durmuşa geçirilmäge başlanmagy bilen Pars aýlagynda howpsyzlygyň üpjün ediljekdigini nygtady

314501
Kerri hyzmatdaşlarynyň aladalaryny ortadan aýyrmagy başardy

Pars Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşiniň Daşary işler ministrleriniň maslahatyna gatnaşan ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri Eýran bilen gazanylan ýadro ylalaşygy meselesinde hyzmatdaşlarynyň aladalaryny ortadan aýyrmagy başardy.
Kataryň paýtagty Dohada geçirlen maslahatdan soň beýanat beren Kerri Eýran bilen gazanylan ylalaşygyň durmuşa geçirilmäge başlanmagy bilen Pars aýlagynda howpsyzlygyň üpjün ediljekdigini nygtady.
DAEŞ-e garşy göreş meselesine hem garalandygyny aýdan Kerri diňe ýaragly göreşiň DAEŞ-i ýok edip bilmejekdigini, gurama syýasy we ykdysady taýdan berilýän goldawyň kesilmelidigini ýatlatdy.
Kerri Pars aýlag ýurtlaryna ýarag satuwynyň artdyryljakdygyny ýatlatdy.
Kataryň Daşary işler ministri Halid Ben Muhammed Al Atiýýe hem Eýran bilen gazanylan ýadro ylalaşygynyň aýlag ýurtlaryny has howpsyz ýagdaýa getirjekdigi barada şol bir garaýşa eýediklerini aýtdy.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar