Kerri köşeşdiriş saparyna Müsürden başlady

ABŞ bilen Müsüriň arasynda 2009-njy ýyldan bäri ilkinji strategik dialog başlaýar

312368
Kerri köşeşdiriş saparyna Müsürden başlady

ABŞ bilen Müsüriň arasyndaky gatnaşyklarda täze döwür başlaýar.
ABŞ bilen Müsüriň arasynda 2009-njy ýyldan bäri ilkinji strategik dialog başlaýar.
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri Eýran bilen gazanylan ýadro ylalaşygy meselesinde Ýakyn Gündogar ýurtlaryny köşeşdiriş saparyna Müsürden başlady.
Kerri Amerika bilen Müsüriň arasyndaky gatnaşyklaryň ýaňadandan pugtalanýandygyny aýtdy.
Kerri 2009-njy ýyldan bäri ilkinji gezek geçirlen maslahatda Müsüriň Ýakyn Gündogaryň durnuklylygy we howpsyzlygy üçin diýseň möhümdigini nygtady.
Adam hukuklarynyň basgylanmagyna alada bildirýändigini aýdan Kerri “Emma birlikde birnäçe ugur boýunça işleşmelidiris” diýip belledi.
Müsüriň Daşary işler ministri Semih Şükri hem “Waşington bilen düşnüşmezligimiz ýok, käbir garaýyş tapawutlylygymyz bar” diýip belledi.
Kerri Kairde Müsüriň Prezidenti Abdulfettah Sisi tarapyndan hem kabul edildi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar