Jon Kerri Katara barar

Eýran bilen 5+1 ýurtlarynyň arasynda gazanylan ýadro ylalaşygy gün tertibine getirler

312922
Jon Kerri Katara barar

Pars Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleri Jon Kerri bilen duşuşar.
Pars Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleri ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri bilen duşuşmak üçin Kataryň paýtagty Dohada jemlenişdi.
Jon Kerri bilen Pars Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleri Eýran bilen 5+1 ýurtlarynyň arasynda Awstriýanyň paýtagty Wenada 14-nji iýulda gazanylan ýadro ylalaşygy bilen birlikde Yrak, Siriýa, Liwan we Ýemen ýaly sebitara meseleler hakynda pikir alyşar.
Beýleki tarapdan Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow hem Katara bardy
Lawrow Kataryň Emiri Şyh Temim Bin Hamad Al Sani we Kataryň Daşary işler ministri Halid Al Atiýýe bilen duşuşar.
Lawrow şeýle hem ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri bilen duşuşar.
Duşuşykda iki kärdeş Siriýa we Ukraina meselesi barada pikir alyşar.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar