ÝB terrorçylyga garşy göreş meselesinde Tunise goldaw berer

Tunisiň Premýer ministri ÝB-ne agza ýurtlaryň daşary işler ministrleri bilen duşuşdy

383303
ÝB terrorçylyga garşy göreş meselesinde Tunise goldaw berer

Tunisiň Premýer ministri Habib As Saýd Brýusselde ÝB-ne agza ýurtlaryň daşary işler ministrleri bilen duşuşdy.
Tunisiň Premýer ministri duşuşykdan soň beren beýanatynda ýurdy bilen ÝB-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek isleýändiklerini aýtdy.
Premýer ministr Saýd terrorçylyga garşy göreş meselesinde özlerini goldaw berjek ÝB-ne minnetdarlyk bildirdi.
ÝB-niň Daşary gatnaşyklardan we howpsyzlyk jogapkär ýokary wekili Federika Mogherini hem Tunis bilen edilýän hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändiklerini nygtady.
Mogherini Tunise ykdysady taýdan kömek bermäge dowam etjekdiklerini ýatlatdy.



Etiketkalar:

Degişli Habarlar