Demirgazyk Sinaýa operasiýa guraldy

Müsüriň Ýaragly güýçleri Demirgazyk Sinaýa operasiýa gurady

382553
 Demirgazyk Sinaýa operasiýa guraldy

Müsüriň Ýaragly güýçleri Demirgazyk Sinaýda ýaragly toparlara garşy guran operasiýasynda 7 esgeriň ýogalandygyny, 59 terrorçynyň öldürilendigini habar berdi.
Berilen beýanatda howa güýçleriniň goldawy bilen Demirgazyk Sinaýyň dürli-dürli şäherlerinde terrorçylara degişli ýerlere opreasiýa guralandygy aýdylýar.
Operasiýanyň barşynda ýaragly toparlara degişli 2 ýarag ammary, 3 ulag we 4 motosikl hatardan çykaryldy, ýola goýulan 2 partlaýjy bolsa ýok edildi.
DAEŞ-e bagly bolan Sina welaýaty atly gurama şenbe güni Demirgazyk Sinaýda Şyh Zuweýd sebitindäki harby gözegçilik merkezine hüjüm gurapdy.
Guralan hüjümde 5 esger ýogaldy, ençeme esger bolsa ýaralandy.
Hüjümden soň Müsüriň Ýaragly güýçleri giň-gerimli operasiýa başlatdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar