Obama Netanýahu bilen söhbetdeşlik geçirdi

ABŞ-nyň Prezidenti Binýamin Netanýahu bilen ýadro ylalaşygy barada pikir alyşdy

380665
Obama Netanýahu bilen söhbetdeşlik geçirdi

ABŞ-nyň Preidenti Barak Obama Eýran bilen gazanylan taryhy ylalaşyga Ysraýylyň berk garşylyk görkezmegi sebäpli Premýer ministr Binýamin Netanýahu bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirip, ylalaşyk barada maglumat berdi we Ysraýylyň aladalaryny gidirmäge synanşdy.
Obama Netanýaha ylalaşygyň Eýranyň etrrora berýän goldawy we Ysraýyla abaý-syýasaty baradaky çemeleşmesini özgertmejekdigini aýtdy.
Barak Obama ylalaşygyň Eýranyň ýadro ýaragyny öndürmeginiň öňüni aljakdygyny nygtady.
Netanýahu bolsa ylalaşygyň Eýranyň ýadro ýaragyny öndürmeginiň öňüni alyp bilmejekdigini we Eýrana ylalaşygyň netijesinde geljek milliardlarça dollaryň terrora goldaw üçin sarp ediljekdigini aýtdy.
Ysraýylyň Howpsyzlyk kabineti hem ylalaşygy bir agyzdan ret etdi.
Beýleki tarapdan Obama Fransiýanyň Prezidenti Fransua Oland, Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel, Britaniýanyň Premýer ministri Dewid Kameron we ÝB-niň Daşary gatnaşyklardan jogapkär ýolbaşçysy Federika Mogerini bilen hem telefon arkaly söhbetdeşlik geçirip, ylalaşyk üçin sagbolsun aýtdy.
Obama Saud Arabystanynyň Şasy Salman Bin Abddulaziz we Birleşen Arap Emirlikleriniň mirasdary Muhammed Al Nahýan bilen hem telefon arkaly söhbetşlik geçirdi.
Saud Arabystanyň hökümeti Eýranyň ýadro ýaragyny öndürmeginiň öňüni aljak ylalaşygy goldaýandygyny beýan etdi. Emma resmi Tähran üçin berk gözegçilik mehanizminiň döredilmegini we şertleri berjaý etmän halatynda sanksiýalaryň ýaňadandan gün tertibine gelmelidigini nygdady.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar