Siriýa dartgynly bolmagynda galýar

Terrorçylar bilen hökümete degişli güýçleriň çaknyşygy dowam edýär

379785
Siriýa dartgynly bolmagynda galýar

Siriýanyň Homs welaýatynda ýerleşýän Tiýas harby howa bazasyna hüjüm guran terror guramasy DAEŞ bilen hökümete degişli güýçleriň arasynda çaknyşyklar dowam edýär
DAEŞ-iň 2 ulag bilen guran hüjüminden soň howa baasynda hökümete degişli güýçler bilen başbozarlaryň arasynda başlan we iki tarapdan-da agyr ýitgileriň çekilmegine sebäp bolan çaknyşyklar dowam edýär.
Hökümete degişli güýçlere geňeşdarlyk edýän eýranly general maýor Kerim Gobaşyň hem çaknyşyklarda ýogalandygy habar berilýär.
Terror guramasy DAEŞ-iň geçen şenbe güni şol howa bazasynyň golaýynda ýerleşýän elektrik bekedine bomba ýüklenen ulag bilen guran hüjüminde hökümete degişli güýçleriň 9 esgeri ýogalypdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar