Tunis "NATO-dan daşary esasy hyzmatdaş" hökmünde kabul edildi

ABŞ Tunisi “NATO-dan daşary esasy hyzmatdaş” hökmünde kabul etdi

378920
 Tunis "NATO-dan daşary esasy hyzmatdaş" hökmünde kabul edildi

ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obama Tunis bilen ýurdunyň arasyndaky gatnaşyklary “NATO-dan daşary esasy hyzmatdaş” derejesine göterdi.
ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygy tarapyndan berlen beýanatda Tunise demokratiýalaşmak etabynda kabul eden kanuny üýtgetmelerine berýän goldawynyň görkezijisi hökmünde şeýle statusyň berlendigi nygtaldy.
Beýanatda “NATO-dan daşary esasy hyzmatdaş” statusy dostlugymyzyň simwoly bolmak bilen birlikde bilim, ylmy barlag we harby taýdan goldaw ýaly käbir mümkinçilikleri hem öz içine alýar” diýildi.
Prezident Barak Obama maý aýynda Ak Tamda Tunisiň Prezidenti Al Baji Kaýid As Sibsini kabul edipdi we Tunisli lidere Tunise NATO-dan daşary esasy hyzmatdaş statusynyň berilmegi barada söz beripdi.



Etiketkalar:

Degişli Habarlar