Terrorçylar Keniýada we Nigeriýada hüjüm guradylar

Hüjümlerde ilkinji kesgitlemelere görä 39 adam ýogaldy

336269
Terrorçylar Keniýada we Nigeriýada hüjüm guradylar

Nigeriýanyň Zaria şäherinde guralan bombaly hüjümde ilkinji kesgitlemelere görä 25 adam ýogaldy, ençeme adam ýaralandy.
Zaria şäheriniň mekdepleriniň birinde guralan şu hüjümi terror guramasy Boko Haram gurandyr diýip çak edilýär.
Keniýanyň Mandera obasynda bolsa terror guramasy Aş-Şabab giýje karýeriň golaýyndaky ýaşaýyş ýerlerine hüjüm gurady.
Guralan hüjümde ýatan 14 adam ýogaldy.
Keniýadaky hüjümlerini ýaýbaňlandyrýan terror guramasy Aş-Şabab şol bir ýerde dekabr aýynda-da 36 işgäri öldüripdi.
Guramanyň aprel aýynda Garissa obasyndaky uniwersiteti nyşana alyp guran hüjüminde 148 talyp ýogalypdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar