Türkmen obalylary zor bilen göçürilýär

Siriýanyň Demokratik türkmen hereketiniň başlygynyň orunbasary Taryk Sulo Jewizji Siriýanyň demirgazygyndaky demografik gurluşyň özgerdilmäge synanşylýandygyny aýtdy

334261
Türkmen obalylary zor bilen göçürilýär

Kürt toparlarynyň siriýanyň demirgazygyndaky türkmen we arap obalaryny zor bilen boşadyp, ýerlerine kürtleri ýerleşdirýändigini nygtan Jewizji, Kobaniniň Heýýele obasyna guralan ýaragly hüjüm bilen ol ýerde ýaşaýan türkmenleriň DAEŞ-iň gözegçiligindäki Munbiç obasyna göçmäge mejbur edýändigini aýtdy.
Jewizji oba gelen kürt toparlarynyň Heýýelänin ABŞ-nyň öňbaşçylygyndaky koalisiýa güýçleri tarapyndan bombalanjakdygynyň habar ebrendigini nygtady.
Taryk Sulo Jewizji sebitde hâkimiýeti ele geçirmäge synanşýan kürt toparlarynyň garşy durýanlary ýa-da gitmek isleýänleri tussag edýändigini habar berdi.
3500 ilatly Heýýele Halap-Hasaka uğrunda strategik ýerleşişe eýe.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar