Ýemende 259 çaga ýogaldy

Aden şäherinde3 aýda 259-y çaga bolmak bilen asuda ilatdan 858 adam ýogaldy

332051
Ýemende 259 çaga ýogaldy

Ýemende dowam edýän çaknyşyklarda 259 çaga ýogaldy.
Ýemeniň Aden şäherinde dowam edýän çaknyşyklarda 3 aýda 259-y çaga bolmak bilen asuda ilatdan 858 adam ýogaldy, 6879 adam hem ýaralandy.
Aden şäherinin saglygy goraýyş müdüri Al Hydyr Lasur metbugata beren beýanatynda şäherde dowam edýän çaknyşyklaryň dürli kesellere sebäp bolandygyny aýtdy.
Söweş sebäpli 6214 adamyň ysmaz bolandygyny aýdan Lasur şolardan 256-synyň ýogalandygyny belledi.
Lasur çaknyşyklar sebäpli şäherdäki esasy keselhanalar bilen saglygy goraýyş merkezleriniň ýapylandygyny nygtady.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar