Müsür 3 ýyl soň Ysraýyla ilçi belledi

Netanýahu Müsüriň baş ilçi bellemegine hoşallyk bildirdi

313942
Müsür 3 ýyl soň Ysraýyla ilçi belledi

Müsüriň Prezidenti Abdulfettah As Sisi 3 ýyl soň Ysraýyla baş ilçi belledi.
Prezident Sisi Daşary işler ministriniň syýasy gatnaşyklardan jogapkär orunbasary Hazim Haýrady Müsüriň Ysraýyldaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly baş ilçisi hökmünde belledi.
Agdarlyşyk arkaly wezipesinden çetleşdirlen Müsüriň saýlanan ilkinji Prezidenti Muhammed Mursi Ysraýylyň 2012-nji ýylda Gaza guran hüjümi zerarly Müsürdäki baş ilçisi Atyf Salimi yzyna çagyrypdy.
Ysraýylyň Premýer ministri Benýamin Netanýahu Müsüriň baş ilçi bellemegine hoşallyk bildirdi we kararyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary güýçlendirjekdigini nygtady.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar