Demirgazyk Koreýa gudratly sanjym oýlap tapdymy?

313496
Demirgazyk Koreýa gudratly sanjym oýlap tapdymy?

Demirgazyk Koreýanyň resmi habarlar gullugy mers, ebola, HİW, tuperkulýoz we rak keseline garşy peýdaly bolan maddanyň adynyň Kumdang-2-digini habar berdi.
Maddanyň şol bir wagtda göwrelilik mahalynda ýüze çykýan ýürek bulanmalaryna hem peýdalydygy malim edildi.
Ady agzalýan maddanyň düzüminde esasanda Aziýada ösüp ýetişýän we şypalydygyna ynanylýan ženşen ösümligi bilen seýrek duş gelinýän elementlerin bardygy nygtalýar.
1989-njy ýyldan bäri üstünde işlenýän maddanyň adamlaryň immunitetini güýçlendirip, erbet wiruslara garşy hem peýdalydygy bellenildi.
Demirgazyk Koreýanyň goňşusy Günorta Koreýa häzirki wagtda mers wirusyna garşy göreşýär.
Korona wirusy sebäpli ýüze çykan ýokanç dem alyş ýoly hassalygy sebäpli ýene-de 2 adamyň ýogalandygy, mers sebäpli bolsa 27 adamyň ýogalandygy habar berildi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar