Sisi Afrika Bileleşiginiň maslahatyna gatnaşmaýar

Müsüriň adyndan maslahata Ibrahim Mihlibi gatnaşar

302595
Sisi Afrika Bileleşiginiň maslahatyna gatnaşmaýar

Müsüriň Prezidenti Abdulfettah As Sisiniň Günorta Afrikada geçiriljek Afrika Bileleşiginiň 25-nji maslahatyna gatnaşmajakdygy nygtaldy.
Afrikaly diplomatik töwerekleriň berýän maglumatyna görä, Sisi maslahatyna gatnaşmajakdygyny habar berdi.
Müsüriň adyndan maslahata Premýer ministri Ibrahim Mihlibiň gatnaşjakdygy nygtaldy.
Sebitiň liderleriniň gatnaşmagynda geçiriljek ýokary derejeli maslahata Müsüriň Prezidentiniň näme sebäpli gatnaşmajakdygy barada bolsa maglumat berilmedi.

 

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar