Husiler Saud Arabystanyna hüjüm gurady

Hüjümde 2 adam ýogaldy

297697
Husiler Saud Arabystanyna hüjüm gurady

Ýemenden Sauda Arabystanynyň Günorta Zahran şäherine roketa bilen guralan hüjümde 2 esger ýogaldy.
Husiler mundan başgada Saud Arabystanynyň Ýemeniň golaýynda ýerleşýän Saada welaýatynda gözegçilik diňine hüjüm edip, ol ýerdäki ok-därileri ulanyp bolmajak ýagdaýa getirdi.
Saud Arabystany-Ýemen serhedinde hyzmatdaş güýçleriniň, Husileriň we Ýemeniň ozalky Prezidenti Ali Abdullah Salihiň tarapdarlarynyň arasynda ýaragly çaknyşyk bolýar.
Ýemende Saud Arabystanynyň ýolbaşçylyk etmegindäki hyzmatdaş güýçler Husilere garşy 26-njy martda howa operasiýasyny başladypdy.
Operasiýany 21-nji aprelde tamamlan Saud Arabystanynyň hökümeti “Umyda gaýdyp gelme” operasiýasynyň başlandygyny mälim edipdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar