Täze Parlament we hökümet bilen işleşmek üçin sabyrsyzlanýarys

ÝB umumy saýlawlar barada beýanat berdi

296487
Täze Parlament we hökümet bilen işleşmek üçin sabyrsyzlanýarys

ÝB düýn Türkiýede geçirlen umumy saýlawlar barada beýanat berdi.
Beýanatda “Täze Parlament we hökümet bilen işleşmek üçin sabyrsyzlanýarys” diýildi.
ÝB-niň Daşary syýasatdan jogapkär ýokary wekili Federika Mogerini bilen Ýewropa Komissiýasynyň goňşyçylykdan we giňelmekden jogapkär agzasy Ýohannes Han saýlawlar barada beýanat berdi.
Saýlawa bolan gatnaşygyň diýseň ýokarydygy nygtalan beýanatda 86 göterimlik gatnaşygyň demokratiýanyň güýjüni görkezýändigi ýatladyldy.
Ähli uly partiýalaryň mejlisde wekilçilik etmäge hukuk gazanmagynyň möhümdigini aýdan ÝB-niň ýolbaşçylary täze parlament we hökümet bilen işleşmek üçin sabyrsyzlanýandyklaryny belledi.
Beýanatda täze döwrüň Türkiýe bilen ÝB-niň arasyndaky gatnaşyklaryň has-da güýçlenmegi üçin pursat döredýändigi ýatladyldy.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar