Ortaýer deňizinde 372 bosgun halas edildi

Ortaýer deňizinde halas edilen bosgunlaryň aglabasy Eritreýanyň raýatlarydy

295837
Ortaýer deňizinde 372 bosgun halas edildi

Italiýanyň Kenarýaka howpsyzlyk gullugy ÝB-niň serhet gullugy Frontekseyň goldaw bermeginde Italiýanyň, Germaniýanyň we Irlandiýanyň gämileri bilen geçiren operasiýasynda aglabasy Eritreýanyň raýatlary bolan 372 bosguny halas etdi.
Halas edilen bosgunlar Italiýanyň Sisiliýa adasynyň Augusta deňiz menziline alynyp gidildi.
Kenarýaka howpsyzlyk gullugynyň işgärleri geçen hepdäniň ahyrynda 5 müň 900 adamy halas etdi.
Şu ýylyň başyndan bäri 40 müňden gowurak bosgun Italiýa gitmek üçin ýola çyksada, bosgunlaryň 1 müň 800-si Italiýa baryp bilmän deňizde ýogaldy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar