Amerikada kiber hüjüm

ABŞ-nyň Personal dolandyryş ofisi 4 milliona golaý ozalky we häzirki federal işgärleriň maglumatlarynyň “häklenendigini” habar berdi

293339
Amerikada kiber hüjüm

Gurama tarapyndan berilen beýanatda aprel aýynda kiber howpsyzlygy berkitmek üçin görülen çäreleriň dowamynda edaranyň maglumatlar tehnologiýalary ulgamyna girilendiginiň we maglumatlaryna kiner hüjüm arkaly daşardan alynandygynyň anyklanandygy nygtaldy.
Şol düzgün bozmanyň internet howpsyzlygy boýunça çäreleriň görülmeginden ozal edilendigini barada aýdylýan beýanatda, mesele boýunça İçerki howpsyzlyk ministrligi we Federal derňew ofisi bilen işleşilýändigini nygtalýar.
Merkezi hökümete degişli edaralarda işleýänleriň howpsyzlyk derňewlerini we maglumat seljermelerini amala aşyrýan, başarjaňlyklary baradaky maglumatlary özünde jemleýän Personal dolandyryş ofisi, kiber hüjümleriň haçan guralandygyny mälim etmäýen hem bolsa, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri onuň 2014-nji ýylyň dekabr aýynda guralandygyny ýazdylar.
Amerikan hökümetiniň resmileri kiber hüjüminiň aňyrsynda hytaýly kompýuter garakçylarynyň bardygynyny pikir edýär.
Resmi Peki bolsa habarlary ret etdiler we berilen beýanatlaryň “jogapkärçiliksizlikdigini” nygtadylar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar