Sisi Germaniýada protest edildi

Protest eden adamlar Sisä faşist, ganhor, nasist diýdiler

293112
Sisi Germaniýada protest edildi

Müsüriň Prezidenti Abdülfettah As-Sisi resmi sapar bilen Germaniýanyň paýtagty Berline bardy. Sisi Germaniýanyň Premýer ministri Angela Merkel bilen duşuşanyndan soň metbugat işgärleriniň soraglaryna jogap berdi.
Metbugat ýygnagynda bolan waka diňe Sisini däl eýsem Merkeli hem haýran galdyrdy.
Metbugat işgärleriniň ýanynda oturan ýaş gyz Müsüriň Prezidenti Sisini “ganhor”, “faşist” diýip günäkärledi.
Ýaş gyz Sisä: “Sen bir ganhorsyň, nasist we faşistsiň” diýip gygyrdy.
Birnäçe wagt soň Germaniýanyň Spiegel onlaýn saýtynda çykyş eden gyz Germaniýanyň Mains şäherinde lukmançylyk uniwersitetinde okaýandygyny we Sisini protest etmek üçin Berline gelendigini aýtdy.
Müsüriň Prezidenti Sisi Germaniýanyň Prezidenti Ýoahim Gauk bilen duşuşyk geçirende hem, duşuşygyň geçirilýän binanyň daşynda bir topar tarapyndan protest edildi.
Adamlaryň ellerinde “Ölüm jezalaryny bes ediň”, “Harby agdarylyşygy kabul etmeýäris” ýazgyly şygarlar bardy.
Protestçiler “Çaga ganhory Sisi” diýip gygyrdylar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar