Eýran bilen ýadro gepleşikleriniň täze tapgyry

Eýran bilen 5+1 ýurtlarynyň arasynda ylalaşyk teksitiniň ýazylmagy maksadyna laýyklykda alynyp barylýan gepleşikleriň altynjy tapgyry Awstriýanyň paýtagty Wenada başlady

293119
Eýran bilen ýadro gepleşikleriniň täze tapgyry

Gepleşiklerde 30-njy iýuna çenli tamamlanmagy maksat edinilýän ylalaşyk teksiti boýunça netije alynmagy göz öňünde tutulýar.
Gepleşiklere Eýranyyň Daşary işler ministriniň orubasarlary Abbas Arakji we Mažid Rawançi, ÝB-niň Daşary gatnaşyklar boýunça ýolbaşçysy Gelga Şmidt, ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Wendi Şerman we beýleki ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň orunbasarlary gatnaşýarlar. Şol bir wagtda taraplaryň arasyndaky tehniki gepleşikler hem dowam edýär.
Gepleşiklerde taraplaryň arasynda Eýranyň ýadro we harby desgalarynyň halkara gözegçileriň gözegçiligine açylmagy hem-de sanksiýalaryň bes edilmegi boýunça düşnüşmezlikleriň bardygy nygtalýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar