Demrigazyk Koreýa ýadro roketa synagyny geçirdimikä?

Demirgazyk Koreýanyň deňiziň aşağyndan kontinentara ýadro uçly roketa atandygy öňe sürülýär

293016
Demrigazyk Koreýa ýadro roketa synagyny geçirdimikä?

Demirgazyk Koreýanyň Döwlet habarlar gullugy deňizasty gämisinden edilen ýadro roketa synagynyň Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Ýon Un tarapyndan gönükdirilen wideo ýazgylaryny efire berdi.
Wideo ýazgyda synag edilendigi öňe sürülýän kontinentara ballistiki roketa, deňizden asmana atylýarka Demirgazyk Koreýanyň lideri egindeşleri bilen bilelikde oňa syn edýär.
Günbatarly hünärmenler Demirgazyk Koreýanyň deňiz asty gämisinden ýadro roketasyny synama mümkinçiliginiň bolmandygyny, efire berilen ýazgylaryň montaždygyny öňe sürýär.
Demirgazyk Koreýanyň ballistiki roketany deňiziň üstünde ýerleşdirilen platformadan atandygy we soň bolsa ýazgylary montažlap, deňiz asty gämisinden atylan ýaly edip görkezendigi öňe sürülýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar