Bagdatda 2 myhmanhana hüjüm guraldy

Hüjümde 10 adam ýogaldy

296187
Bagdatda 2 myhmanhana hüjüm guraldy

Yragyň paýtagty Bagdatda 2 aýry myhmanhana hüjüm guraldy.

Iki aýry myhmanhana ulaga ýüklenen bomba bilen guralan hüjümde 10 adam ýogaldy, ençeme adam ýaralandy.

Ilkinji partlama Tigr derýasynyň kenarynda ýerleşýän myhmanhananyň ulag duralgasynda, 2-nji partlama bolsa birnäçe minut soňra başga bir myhmanhananyň ulag duralgasynda boldy.

Yrakda giýje köçä çykmazlyk gadagançylygy ýatyrylandan soň Bagdatda guralýan bombaly hüjümleriň sany köpeldi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar