Talibanlylar myhmanhana hüjüm gurady

Owganystanda talibanly başbozarlar myhmanhana hüjüm gurady

290377
Talibanlylar myhmanhana hüjüm gurady

Talibanly başbozarlaryň Owganystanyň paýtagty Kabulyň diplomatlaryň ýaşaýan Wezir Ekber Han etrapçasyndaky myhmanhana guran hüjüminde ýüze çykan ýaragly çaknyşykda 4 terrorçy öldi.

Ýaragly çaknyşyk irdene çenli dowam etdi. Howpsyzlyk gullugynyň işgärleri etrapçada howpsyzlyk çärelerini gördüler.

Talibanlylar bolsa Kabulyň iň howpsyz etrapçasyndaky myhmanhana hüjüm gurandyklaryny we ol ýerde galýan ähli daşary ýurtly raýatlary öldürendiklerini beýan edýärler.

Terror gurama soňky wagtlar daşary ýurtly raýatlara guraýan hüjümini ýaýbaňlandyrdy.

Paýtagt Kabulda 2 hepde ozal myhmanhana guralan hüjümde 14 daşary ýurtly ýogalypdy.

BMG-sy şu ýylyň ilkinji 4 aýynda Owganystanda Talibanly başbozarlar tarapyndan öldürilen adamlaryň sanynynň 3 müňden geçendigini habar berdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar