Owganystanda welaýat mejlisine hüjüm guraldy

Hüjümde 5 adam ýogaldy

288114
Owganystanda welaýat mejlisine hüjüm guraldy

Owganystanyň günortasyndaky Zabul welaýatynda bomba ýüklenen ulag bilen guralan hüjümde ilkinji kesgitlemelere görä 5 adam ýogaldy, 62 adam ýaralandy.

Welaýat mejlisi nyşana alynan hüjümde ýaralananlaryň arasynda 3 deputat hem bar.

Ýolbaşçylar ýaralananlaryň arasynda zenanlaryň we çagalaryň bardygyny beýan etdi.

Pakistanyň serhediniň golaýynda ýerleşýän Zabul welaýatynyň paýtagty Kalatdaky hüjümiň jogapkärçiligini entek öz üstüne alan bolmady.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar