Asad siriýaly türkmenlere garşy hüjüm guradýar
Asada tabynlykdaky güýçleriň Siriýanyň türkmen sebitlerinde ýaşaýan türkmenlere guran hüjüminde 2 adam ýogaldy
288163
Siriýada Asada tabynlykdaky güýçleriň oppozisionerleriň gözegçiligi astynda ýerleşýän Lazkiýeniň Baýyrbujaktürkmen sebitine guran hüjüminde 2 adam ýogaldy, 4 adam ýaralandy.
Siriýa türkleri jemgyýetiniň ýolbaşçylary tarapyndan berilen maglumatlara görä Asada tabynlykdaky güýçler gije oppozisionerleriň gözegçiligi astyndaky Türkmen dagynyň Saraý obasynyň golaýynda gury ýer hüjümini başlatdy.
Oppozisionerleriň ýaragly garşylyk görkezmegi netijesinde güýçler yza çekildi.
Asada tabynlykdaky güýçler sebite minomýot we roketalar bilen hüjüm guramagyny dowam etdirýär. Roketalaryň partlama sesleri Türkiýäniň Hataý welaýatynyň Ýaýladagy etrabynda hem eşidilýär.