Kerri Demirgazyk Koreýanyň hökümetini berk tankyt etdi

Kerri Demirgazyk Koreýada adam hukuklarynyň basgylanýandygyny we munyň kabul edilip bilinmejekdigini aýtdy

278908
Kerri Demirgazyk Koreýanyň hökümetini berk tankyt etdi

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri Günorta Koreýada saparda boldy.
Kerri saparynyň çäginde Demirgazyk Koreýanyň hökümetini berk tankyt etdi
Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Ýon Unyň geçen hepde Baş ştabyň başlygyny öldürdendigi hakyndaky habarlar barada durup geçen Kerri, Demirgazyk Koreýada adam hukuklarynyň basgylanýandygyny we munyň kabul edilip bilinmejekdigini aýtdy.
Kerri hem halkara jemgyýetçiligi hem-de öz halky üçin howly bolan Demirgazyk Koreýanyň hökümeti barada Halkara jenaýat kaziýetinde kaziýet işiniň gozgalyp bilinjekdigi barada duýduryş berdi.
Ýadro ýaragsyzlanma meselesinde dialoga uly ähmiýet berýändiklerini aýdan Kerri, Eýran bilen geçirilýän ýadro gepleşikleri oňyn netije beren halatynda munyň Demirgazyk Koreýa üçin hem görelde bolup biljekdigini belledi.
İlkinji ýadro synagyny 2006-njy ýylda geçiren Demirgazyk Koreýanyň 2020-nji ýylda ýadro ýarag sanyny 100-e çykaryp biljekdigi nygtalýar.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar