Ortaýer deňizinde 1 müňe golaý bosgun halas edildi

Bosgunlar saglyk gözegçiliginden geçirildi

276096
Ortaýer deňizinde 1 müňe golaý bosgun halas edildi

Ortaýer deňizinde soňky iki günde halas edilen 1 müň 282 bosgun Italiýa alynyp gidildi.

Britaniýanyň harby flotyna degişli drednout gämisi Liwiýanyň 50-60 km golaýyndaky 4 aýry gämidäki 617 bosguny halas etdi.

Kataniýanyň deňiz menziline alynyp gidilen bosgunlar saglyk gözegçiliginden geçirildi.

Italiýanyň we Liwiýanyň arasyndaky Sisiliýa ýolunda gözleg-agtaryş işlerine gatnaşýan Serhet bilmeýän Lukmanlar guramasyna degişli gämi 141- zenan, 17-si çaga bolan 477 bosguny halas etdi.

Sebitdäki başga bir halas ediş gämisi bolsa 2 aýry operasiýada aglabasy Sahara çölüniň günortasyndaky ýurtlardan gelen 188 bosguny halas etdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar