Filippinlerde fabrikada ýangyn boldy

Ýangyn kebşir enjamyndan çykan uçgunlar sebäpli boldy

275699
Filippinlerde fabrikada ýangyn boldy

Filippinleriň paýtagty Manilada şypbyk öndürýän fabrikada bolan ýangynda 72 adam ýogaldy.

2 gatly fabrikada ýüze çykan ýangyn kebşir enjamyndan çykan uçgunlar sebäpli boldy.

Ýangyn gözegçilik astyna alynanyndan soň, ýangyn söndürjiler we polis işgärleri haraba dönen fabrikadan onlarça ýogalan adamy kynçylyk bilen daşaryk çykardylar.

Ýogalanlaryň şahsyýetleriniň anyklama işleri dowam edýär.

Ýangyn heläkçiligi Filippinlerdäki iş şertleriniň erbetdigini ýene-de bir gezek äşgär etdi.

Ýangynda halas bolan we ýogalan işçileriň ýakynlary 2-nji gatdaky adamlaryň penjeredäki gözeneklerden geçip bilmänligi sebäpli ýogalandygyny mälim etdiler.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar