Makedoniýada hökümet kyn ýagdaýda

Çaknyşyklar sebäpli iki ministr wezipesinden çekildi

273491
Makedoniýada hökümet kyn ýagdaýda

Makedoniýanyň Kumanowa şäherçesinde başdan geçirlen ýaragly çaknyşyklar sebäpli hökümet kyn ýagdaýda.
Käbir ýolbaşçylaryň telefon söhbetdeşlikleriniň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde berilmegi we protest ýörişleri sebäpli İçeri işler ministri Gordana Ýankulowska bilen Aragatnaşyk we transport ministri Mile Ýanakiewski wezipesinden çekildi.
Ministrler ýurtdaky syýasy durnuklylyga goşant goşmak üçin wezipelerinden çekilýändiklerini nygtady.
Makedoniýanyň polisi, Kumanowa şäherçesiniň Tode Mendol etrapçasynda şenbe güni ýaragly toparyň ýaşaýan öýüne operasiýa guraldy, öýdäkileriň polise ot açmagy sebäpli taraplaryň arasynda çaknyşyk boldy.
28 sagat dowam eden çaknyşyklarda 8 polis bilen 14 hüjümçi ýogaldy.




Etiketkalar:

Degişli Habarlar